Ýer Titremelerinden 296 Sagat Soň 3 Adam Halas Eildi

Hataýyň Antakýa etrabynda biri çaga 3 adam ýer titremelerinden 296 sagat soň halas edildi.

1948093
Ýer Titremelerinden 296 Sagat Soň 3 Adam Halas Eildi

Güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň geçirilýän gözleg we halas ediş işleri güýçli depginde dowam edýär.

Ýer titremelerinde ýykylan binalaryň harabalyklaryndan şatlykly habarlaryň gelmegi Türkiýäni umytlandyrýar.

Hataýyň Antakýa etrabynda biri çaga 3 adam ýer titremelerinden 296 sagat soň halas edildi.

Gözleg we halas ediş toparlary ýer titremelerinde ýykylan binalaryn harabalyklarynyň aşağynda galan 3 adamyň ýaşaýandygyny anyklady.

Gözleg we halas ediş toparlary 296 sagat soň biri çaga, biri zenan bolmak bilen 3 adamy sag aman çykardy.

Ýaraly ýagdaýda harabalyklaryň aşagyndan çykarlanlar hassahanada bejergi astyna alyndy.

6-njy fewralda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde müňlerçe adam ýogaldy. Ýer titremeleri “asyryň tebigy apaty” hökmünde häsiýetlendirildi.

 



Degişli Habarlar