Prezident Erdogana Duýgudaşlyk Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär

Liderler, Türkiýä goldaw berýändiklerini we arkalaşykly heremet etjekdiklerini mälim etdi.

1948048
Prezident Erdogana Duýgudaşlyk Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär

Prezident R. T. Erdogana telefon eden käbir ýurtlaryň liderleri güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleridne ýogalanlar üçin gynanç bildirdi, ýaralananlara şypa diledi.

Kongo Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Feliks Çisekedi, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kişida, İtaliýanyň Premýer-ministri Meloni we  Efiopiýanyň Premýer-ministri  Abiý Ahmed Ali Prezident Erdogana telefon edip, ýer titremelerinde ýogalanlar üçin duýgudaşlyk bildirdi, ýaralananlara şypa diledi.

Liderler, Türkiýä goldaw berýändiklerini we arkalaşykly heremet etjekdiklerini mälim etdi.

6-njy fewralda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde müňlerçe adam ýogaldy. Ýer titremeleri “asyryň tebigy apaty” hökmünde häsiýetlendirildi.

 

 



Degişli Habarlar