Altun YHG-na Agza Ýurtlaryň Maglumatlar Ministrlerine Hat Ugratdy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun hatynda, dünýäniň we ýerleşýän sebitiniň iň agyr tebigy apatlaryndan birini başdan geçirilýändigini beýan edip, türk milletiniň gussagly günleri başdan geçirendigini beýan etdi.

1946407
Altun YHG-na Agza Ýurtlaryň Maglumatlar Ministrlerine Hat Ugratdy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeler hakynda; “Şu günki güne çenli ençeme kynçylygyň hötdesinden gelen ýurdumyz, arkalaşyk ruhy bilen bu agyr tebigy apatyň hem hötdesinden geler” diýdi.

Fahrettin Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň maglumatlar ministrleri Türkiýäniň 6-njy fewralda başdan geçiren ýer titreme apaty, ýer titreme bilen bagly halka dogry maglumat bermek hem-de dezinformasiýa garşy göreş boýunça alynyp barylan işler hakynda hat ugratdy.

Altun hatynda, dünýäniň we ýerleşýän sebitiniň iň agyr tebigy apatlaryndan birini başdan geçirilýändigini beýan edip, türk milletiniň gussagly günleri başdan geçirendigini beýan etdi.

Fahrettin Altun hatynda şeýle deňi-taýy görülmedik çökgünligiň başdan geçirilýän günlerinde hökümetiň we milletiň doly mobilizlenendigini, sebitde gözleg-halas ediş işleriniň gyssagly başladylandygyny nygtady.

Döwletiň ähli mümkinçilikleri bilen tebigy apat sebitindäki raýatlary üçin mobilizlenendigini gürrüň beren Altun; “9 sagat soň ikinji güýçli ýer titreme we agyr howa şertlerine garamazdan sebitlerde gözleg we halas edişleri dowam edýär. Mobilizlenme ruhy bilen dowam etdirilýän işler, her bir raýatymyz tapylýança dowam eder. 24,727 sanysy halas ediş gullukçysy, dürli edaralarymyzdan we jemgyýetçilik guramalaryndan jemi 113,318 işgär hem-de meýletin tebigy apata garşy göreş işlerine gatnaşýar” diýip, ýazdy.

Ýerli we halkara metbugata dogry we yzgiderli maglumat ýetirmek üçin üznüksiz maglumat beriş işini dowam etdirýändiklerini nygtan Altun; “Şol çäkde Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Maglumatlar ministrleriniň dezinformasiýa garşy göreş hem-de halk köpçüligine maglumat bermek ugrundaky tagallamamyza berjek goldawy bizi hoşal eder. Berjek goldawyňyzyň musulman dünýäsiniň agyr günlerinde eden arkalaşygynyň we jebisliginiň esasy nyşanalaryndan biri boljakdygyna ynanýarys” diýip, nygtady.

 



Degişli Habarlar