Dünýä ýurtlary Türkiyä duýgudaşlyk bildirýärler

Raşid Meredow Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan we ýurduň 10 aýry welaýatyna täsir ýetiren ýer titremelerde köp sanda adamyň ýogalandygy baradaky habara çuňňur gynanjyny bildirdi

1942880
Dünýä ýurtlary Türkiyä duýgudaşlyk bildirýärler

Güýç merkezi Kahramanmaraş etrabynyň Pazarjyk etraby bolan we ýurduň jemi 10 welaýatyna täsir ýetiren 7,7 bal ululygyndaky ýer titreme sebäpli Prezident Rejep Taýýip Erdogana jaň eden dünýäniň tapawutly ýurtlarynyň liderleri, Türkiye bilen raýdaşlyk içindediklerini belläp, türk halkyna duýgudaşlyk bildirýärler. 

Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu we Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakis Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, ýogalan adamlar zerarly gynançlaryny bildirdiler, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dilediler. 

Prezident Erdogana telefon arkaly jaň eden Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin selman, ýogalan adamlar zerarly gynanjyny bildirdi, ýaralanan adamlara şypa diledi. 

Ýer titreme sebäpli Prezident Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan ysraýylyň Prezidenti Isaak Hersog ýogalan adamlar zerarly gynanjyny bildirdi, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny diledi. 

Prezident Erdogana telefon arkaly jaň eden Iordaniýanyň Şasy II Abdulllah ýogalan adamlar sebäpli gynanjyny bildirdi, ýaralanan adamlara gyssagly şypa diledi. 

Prezident Erdogana ýer titremede ýogalan adamlar zerarly gynanç bildiren Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny diledi. 

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew hem Prezident Erdogana jaň edip, ýer titreme sebäpli duýgudaşlyk bildirdi. 

Liwiýanyň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbe hem ýer titreme zerarly Prezident Erdogana jaň edip, ýogalan adamlar üçin gynanjyny bildirdi, ýaralanan adamlara gyssagly şypa diledi. 

Somaliniň Prezidenti Hasan Şeýh Mahmud Prezident Erdogana jaň edip, ýer titremede ýogalan adamlar zerarly duýgudaşlyk bildirdi, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny diledi. 

Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani, BAE-niň Döwlet baştutany Şeýh Muhammed bi Zaýed Al Nahaýan, Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif we Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew Prezident Erdogana jaň edip, ýer titremede ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralananlara bolsa gyssagly şypa dilediler. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan we ýurduň 10 aýry welaýatyna täsir ýetiren ýer titremelerde köp sanda adamyň ýogalandygy baradaky habara çuňňur gynanjyny bildirýändigini belläp, duýgudaşlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar