Kahramanmaraş Welaýatynyň Pazarjyk Etrabynda 7,4 Bala Barabar Ýer Titremesi Boldy

Ýer tiremesi köp sanly welaýatda duýuldy.

1942169
Kahramanmaraş Welaýatynyň Pazarjyk Etrabynda 7,4 Bala Barabar Ýer Titremesi Boldy

Ýer titremesi sebäpli goňşy welaýatlardan Malatýada 23 adam ýogaldy. Gubernator Hulusi Şahin 420 adamyň ýaralanandygyny, 140 binanyň ýykylandygyny beýan etdi.

Şanlyurfa welaýatynda bolsa ýer titremesi sebäpli 15 adam pida boldy.

İlkinji kesgitlemelere görä Osmaniýe welaýatynda 5 adam ýogaldy.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) internet sahypasynda berilen maglumata görä Kahramanmaraşdaky ýer titremesi sagat 4.17-de, ýeriň 7 kilometr çuňlugynda boldy.

Merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremesi Gaziantep, Batman, Bingöl, Elazyg, Kilis, Diýarbakyr, Mardin, Siirt, Şyrnak, Wan, Muş, Bitlis, Hakkari, Adana we Hataý welaýatlarynda hem duýuldy.

Prezident R.T.Erdogan ýer titremesinde soň beren beýanatynda; “Kahramanmaraşda bolan we ýurdumyzyň ençeme welaýatynda duýulan ýer titremesinden zyýan çeken ähli raýatlarymyza geçdigi bolsun diýýärin” diýdi.

Prezidentiň orun basary Fuat Oktaý we käbir ministrler bolsa ýer titremesinden soň işleri  AFAD-yň Utgaşdyryjy merkezinde utgaşdyrýar.



Degişli Habarlar