Erdogan Önjeýlilik we Tehnologiýa Sergisine Ýüzlenme Ugratdy

Przident R.T.Erdogan Anakrada geçirilen “5-nji Önjeýlilik we Tehnologiýa Sergisine” ýüzlenme ugratdy.

1941281
Erdogan Önjeýlilik we Tehnologiýa Sergisine Ýüzlenme Ugratdy

Erdogan ýüzlenmesinde egilşiksiz dowam etdirilýän Milli tehnologiýa başlangyjynyň saýasynda “Türkiýe Asyrynyň” gün tertibine gelendigini beýan etdi.

Ýüzlenmede Türkiýäniň tehnologiýany diňe bir ulanýan däl, eýsem dizaýn edýän we öndürýän ýurt bolmak üçin ynam bilen öňe barýandygyny beýan eden Erdogan, şol maksada laýyklykda ýurduň çar tarapynda Ylmy-barlag we kämilleşdiriş tehnologiýa ekoulgamynyň döredilmegi üçin degişli goldawyň dowam edýändigini nygtady.

Erdogan ýüzlenmesinde; “Haýsy şertleriň bardygyna garamazdan egilşiksiz dowam etdirilýän Milli tehnologiýa başlangyjymyzyň saýasynda şu günki günde “Türkiýe Asyry” gün tertibine geldi. Gelejek dünýäsde ähmiýeti barha artýan önjeýlilikde we tehnologiýada hem “Türkiýe Asyry” strategiýamyzy iş ýüzüne geçireris. Enşalla ony hem soňky 20 ýylda bolşy ýaly döwlet we hususy eýeçiligi, uniwersitetleri we talyplary bilen bilelikde 85 million ilatyň gatnaşmagynda amala aşyrarys” diýdi.

Erdogan soň bolsa Prezidentiň kompleksinden göni ýaýlym arkaly Afýon-Şuhut ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar