Kalyn Ankarada Gün Tertibiniň İleri Tutulýan Ugurlary Boýunça Beýanat Berdi

Prezidentiniň Diwanynyň Metgbugat Sekretary Ibrahim Kalyn ABŞ-da F-16 uçarlarynyň alynmagy boýunça şert goýulandygy hakyndaky habarlaryň hakykata bap gelmeýandigini aýtdy.

1940391
Kalyn Ankarada Gün Tertibiniň İleri Tutulýan Ugurlary Boýunça Beýanat Berdi

Ibrahim Kalyn, ABŞ-nyň F-16 kysymly harby uçarlar boýunça şertnama üçin Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygynyň kabul edilmeginiň şert hökmünde goýulandygy bilen bagly habarlar barasynda: “Biz F-16 maksatnamasyny harby howa güýjümizi artdyrmak üçin alternatiw hökmünde görýäris. ABŞ şert göýüp we şeýle çemeleşmelere ýüz tutsa, biz öz ýolumyz bilen dowam ederis. Biz milli howpsuzlygymyz üpjün etmek üçin öz şertlerimizi we ukyplarymyzy artdyrmaga dowam edýäris. Amerikan hökümtiniň niýetini we işlegini bilýäris. Emma Kongressde ony şert hökmünde goşsalar we şol bir wagtda-da Gresiýanyň F-35 islegini kabul etseler, NATO-daky bitaraplyk pozisiýasyny ýitirdikleri bolar. Eger şeýle bolsa biz hem şoňa görä degişli netijäni çykararys” diýdi.



Degişli Habarlar