Türkiýe BMG-niň Kararyna Reaksiýa Bildirdi

Türkiýe Kipr adasynda ornaşýan BMG-niň Parahatçylyk güýjüniň iş möhletiniň bir ýyl uzaldylmagy hakyndaky kararyna reaksiýa bildirdi.

1939932
Türkiýe BMG-niň Kararyna Reaksiýa Bildirdi

Daşary işler ministrligi Kipr adasynda ornaşýan BMG-niň Parahatçylyk güýjüniň iş möhletiniň uzaldylmagy hakyndaky BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň karary boýunça ýazmaça beýannama çap etdi.

Beýannamada BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň BMG-niň Howpsuzlyk güýjüniň iş möhletini 2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda kabul eden 2674 belgili karary bilen bir ýyl uzaldandygy nygtalýar.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň şol karar hakynda beren beýannamasyna doly goldaw berilýändigine üns çekilýän beýannamada; “BMG-niň Baş sekretarynyň habarnamalarynda orun berilmeýändigine garamazdan Geňeşiň ýerlerdäki hakykatlara bap gelmeýän häsýetde DKTR-nyň iki döwletli çözgüt boýunça görkezen ygtyýaryny ýok hasap edip, ençeme gezek synanşylan we netijesiz galan çözgüt usullarynda erjellik edilýändigi görülýär. Ol sagdyn pikirlilige we ýagşy niýete bap gelmeýär, GEňeşiň adada sözün doly manysynda çözgüdi höweslendirmegiň ýerine Kipriň grek böleginiň täsirinden çykyp bilmeýändigi görülýär” diýilýär.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň ýene-de bir gezek Kipriň türk halkyna goýulan ynsanperwerlige we hukuga bap gelmeýän embargolaryň görülmeýändigine üns çekilýän beýannamada; “Kararda DKTR-nyň Prezidenti Hormatly Ersin Tataryň 2022-nji ýylyň 1-nji we 8-nji iýulynda ýazan hatlary bilen BMG-niň Baş sekretarlygyna ýetiren, adanyn birnäçe zerurlygyny ortadan aýyrjak, hakykata laýyk, oňyn we içgin hyzmatdaşlyk teklipleri ünsden düşürilip, iki tarapyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin çagyryş edilmegi bolsa beýleki bir çaprazlykdyr” diýilýär.

 



Degişli Habarlar