Siriýanyň demirgazynda DAIŞ-e agza 15 terrorçy tussag edildi

Siriýanyň demirgazygyndaky Al Babda terror guramasy DAIŞ-e agza 15 terrorçy tussag edildi

1938189
Siriýanyň demirgazynda DAIŞ-e agza 15 terrorçy tussag edildi
el bab deas.jpg

Al Babyň ýerli howpsuzlyk güýçleri, Gaziantep welaýat Žandarma serkerdeliginiň Siriýadaky Maksat güýjüniň goldaw bermeginde, etrapdaky DAIŞ-iň ýerlerine garşy operasiýa geçirdi. 

Operasiýada aralarynda guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem bolan jemi 16 adam saklandy. Şübhe astyndaky 15 adam tussag edildi. 

Operasiýada mundan başgada 4 ýarag, 85 feýerwerk we köp sanda sanly material ele salyndy. 

 

Beýleki tarapdan Içeri işler ministrligi Wan welaýatynda Eren Gabaw Güýz-Gyş-25 atly operasiýanyň başladylandygyny mälim etdi. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda, ekstremist terror guramasy PKK-ny ýurduň gün tertbinden çykarmak we sebitde bardygy anyklanan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Wan welaýatynda başladylan operasiýa 480 harby gullukçynyň gatnaşýandygy habar berildi. 

Beýanatda ýurduň içinde terroryň dolulygyna ortadan aýyrlmagy maksady bilen geçirilýän Eren Gabaw Güýz-Gyş operasiýalarynyň halkyň goldawy bilen erjellik we tutanýerlilik bilen dowam edýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar