Ömer Çelik Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagyna reaksiýa bildirdi

Ömer Çelik, Türkiyäniň Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherindäki ilçihanasynyň öňünde Gurhanyň ýakylmagy bilen baglanşykly sosial media hasabyndan reaksiýa bildirdi

1936214
Ömer Çelik Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagyna reaksiýa bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, ýigrenç syýasatyň we faşizmiň bütin adamzada howp salýandygyny, Gurhana el uzadanlaryň beýleki dinleriň mukaddesliklerine hem duşmandygyny beýan etdi. 

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Türkiyäniň Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherindäki ilçihanasynyň öňünde Gurhanyň ýakylmagy bilen baglanşykly sosial media hasabyndan reaksiýa bildirdi. 

Ýigrenje ýigrenç bilen garşylyk görkezilmejekdigini, ýigrenje garşy adam mertebesine has hem berk eýe çykyp jogap bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Ömer Çelik: "Adamzat etmişlerine iň gowy jogap, adam mertebesi esasynda has hem raýdaş bolmalydyrs. Ýigrenç syýasaty we faşizm bütin adamzada howp salýar. Gurhana el uzadýanlar beýleki dinleriň mukaddesliklerine hem duşmandyr. Faşizm we ýigrenç syýasatyna garşy adamzat esasynda has hem raýdaş bolmalydyrys. Umumy göreşimiziň esasyny güýçlendirmelidiris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar