Täze Ýyldan Bäri Bikanun 5 Müň 466 Immigrant Ýurtdan Çykaryldy
Geçen ýyl 235-i Owganystana, 2-i Pakistana bolmak bilen 237 çarter uçar sapary bilen jemi 124 müň 441 bikanun immigrant ýurtdan çykarlypdy.
1935324
Türkiýede 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri bikanun 5 müň 466 immigrant ýurtdan çykaryldy.
Içeri işler ministrliginiň Immigrantlar edarasynyň sosial mediadan beren habarnamasyna görä, bikanun göçe garşy göreş yzygiderli ýagdaýda dowam edýär.
Şol çäkde ýanwar aýynyň 1-19-y aralygynda 1225-i çarter uçar sapary bilen jemi 2 mü 215 owgan ýurduna ugradyldy.
Täze ýyldan bäri ýurtdan çykarlan bikanun immigrantlaryň sany bolsa 5 müň 466 adama ýetdi.
Geçen ýyl 235-i Owganystana, 2-i Pakistana bolmak bilen 237 çarter uçar sapary bilen jemi 124 müň 441 bikanun immigrant ýurtdan çykarlypdy.
Degişli Habarlar
Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Jewdet Ýylmaz, Alžiriň Energetika we magdanlar ministri Muhammed Arkab bilen duşuşdy.