Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Çehiýada saparda bolýar

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Çehiýa guran saparynyň çäginde ýurduň Premýer ministri Petr Fiala bilen duşuşyk geçirdi

1934253
Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Çehiýada saparda bolýar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar resmi sapar bilen giden Çehiýanyň paýtagty Praga şäherinde, Goranmak ministrliginden soň, parlament binasyna geçip, ol ýerde ülkäniň Premýer ministri Petr Fiala bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Hulusi Akar, iki ýurduň arasynda başda goranmak senagaty we harby tälim bolmak bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ähmiýetini nygtap geçdi.

Hulusi Akar mundan başgada ýurduň möhüm goranyş senagaty kärhanalarynyň biri bolan Omnipol kärhanasyna baryp, ol ýerde edilýän işler barada brifing aldy. 


Etiketkalar: #Hulusi Akar , #sapar , #Çehiýa

Degişli Habarlar