Senagat we Tehnalogiýa Ministri Mustafa Warank Wengriýada Saparda Bolýar

Mustafa Warank,Türkiýe-Wengriýa Bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň 8-nji maslahatyna gatnaşdy.

1933705
Senagat we Tehnalogiýa Ministri Mustafa Warank Wengriýada Saparda Bolýar

Resmi sapar bilen Wengriýa giden Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank, paýtagt Budapeştde Türkiýe-Wengriýa Bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň 8-nji maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatdan soň Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Piter Siýarto bilen metbugata beýannama beren Warank, iki ýurduň arasyndaky maýa goýumlaryň özara gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berendigini belledi.

Türkiýäniň energetika merkezi bolmagy üçin uly tagalla edýändiklerini ýatladan Warank, iki ýurduň arasynda goranyş senagaty boýunça edilýän özara hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Warank, Türkiýäniň Amerikada öndürlen HIMARS raketa ulgamyna alternatiw enjamlar meselesinde Wengriýa goldaw bermäge taýardyklaryny, Wengriýa Türkiýede öndürlen raketa ulgamlaryny teklip edýändiklerini ýatlatdy.

Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Piter Siýarto hem iki ýurduň arasynda ýarag şertnamasynyň bardygyny ünsi çekdi

Siýarto “Wengriýa teklipleri degişli ýolbaşçylar bilen ara alyp maslahatlaşýar” diýdi



Degişli Habarlar