PKK-a garşy başladylan Penje-Gulp operasiýasy dowam edýär

Operasiýanyň çäginde şu günki güne çenli 506 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1932783
PKK-a garşy başladylan Penje-Gulp operasiýasy dowam edýär

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy 2022-nji ýylyň 17-nji aprelinde başladylan Penje-Gulp operasiýasynda şu günki güne çenli 506 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň raýatlaryň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, serhetden terrorçylaryň geçmeginiň öňüni almak maksady bilen başladan Penje-Gulp operasiýasy dowam edýär. 

Operasiýanyň çäginde şu günki güne çenli 506 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Terrorçylar tarapyndan ulanylandygy anyklanan 575 gowagyň we gaçybatalganyň ýok edilen operasiýada, 2002 mina we elde ýasalan partlaýjy, 1182 ýarag we 538 müň 413 ok-däri ele salyndy. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi, esgerleriň kyn howa we ýer şertlerinde geçirýän operasiýasyny ýerinde görkezmek maksady bilen metbugat syýahadyny geçirdi. 

Metbugat işgärleri Hakkari welaýatynda serhet zolagynda takmynan 2050 metr beýiklikde, terrorçylaryň ýerleşýän nokatlaryny ýerli we milli ýarag ulgamlary bilen nyşana alynan pursatlaryna gözegçilik etdiler. 



Degişli Habarlar