Resmi Damask Bilen Geçirilýän Gepleşikler Dowam Eder

Akar, Resmi Damask bilen geçirilýän gepleşiklerde terrora garşy göreş we göç meselesini çözmek üçin tagalla edýändiklerini nygtady.

1930637
Resmi Damask Bilen Geçirilýän Gepleşikler Dowam Eder

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýada Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen geçirilýän gepleşikleriň dowam etjekdigini aýtdy.

Hulusi Akar, düýn paýtagt Ankarada Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirlen ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Akar, Resmi Damask bilen geçirilýän gepleşiklerde terrora garşy göreş we göç meselesini çözmek üçin tagalla edýändiklerini nygtady.

Türkiýäniň terror we göç meselesini çözmegi maksat edinýändigine ünsi çeken Akar “Biz, Damask bilen geçirilýän gepleşikleriň netijesinde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny, ýurdumyzyň myhmanlary siriýaly doganlarymyzyň meýletin we howpsyz ýagdaýda ýurtlaryna dolanmaklaryny umyd edýäris” diýdi.

Ministr Akar Damask bilen geçiriljek gepleşiklerde Siriýanyň milli goşunyna garşy bolan hiç hili kararyň kabul edilmejekdigini ýatlatdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar