Türkiýe, Sudanda Gepleşikleriň Ikinji Tapgyrynyň Başlamagyna Kanagatlanma Bildirdi

"Wagtlaýyn geçiş etabyna laýyklykda gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň başlamagyna kanagatlanma bildirýäris”

1929719
Türkiýe, Sudanda Gepleşikleriň Ikinji Tapgyrynyň Başlamagyna Kanagatlanma Bildirdi

Türkiýe, Sudandaky wagtlaýyn geçiş etabyna laýyklykda gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň başlamagyna kanagatlanma bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Sudan Respublikasynda 2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda gazanylan ylalaşygyň çäginde wagtlaýyn geçiş etabyna laýyklykda gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň başlamagyna kanagatlanma bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, etabyň Sudandaky ähli gatlaklary öz içine almagynyň möhümdigini nygtaldy we “Ýurdumyz şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem doganlyk sudanyň halkyna goldaw bermäge dowam eder” diýildi.

 

 

 



Degişli Habarlar