“Russiýa-Ukraina Söweşi Öňümizdäki Aýlarda Dartgynlaşyp Biler”

Kalyn sosial mediadan beren habarnamasynda, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda durup geçdi.

1928904
“Russiýa-Ukraina Söweşi Öňümizdäki Aýlarda Dartgynlaşyp Biler”

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Russiýa-Ukraina söweşiniň öňümizdäki aýlarda hasam dartgynlaşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny nygtady.

Ibrahim Kalyn sosial mediadan beren habarnamasynda, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda durup geçdi.

Habarnamasynda “Russiýa-Ukraina söweşi öňümizdäki aýlarda hasam dartgynlaşjaga meňzeýär. Bu hem krizisiň çuňlaşmagyna sebäp bolar” diýen Kalyn, “Türkiýe, hüjümleriň bes edilmegi, ýesir çalşygynyň we galla geçelgesi ylalaşygynyň dowam etdirilmegi we gepleşikleriň başlamagy üçin tagalla etmäge dowam eder” diýip belledi.



Degişli Habarlar