Türkiýe Her Bir Pudakda Ösýär

Prezident R.T.Erdogan tehnologiýada daşary garaşly bolan Türkiýäni ähli pudakda ösen derejä göterendiklerini aýtdy.

1928656
Türkiýe Her Bir Pudakda Ösýär

Prezident, Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygy Erdogan paýtagt Ankarada Ak partiýanyň Mobil tilsimatyny tanyşdyryş çäresine gatnaşdy.

Türkiýäniň ähli pudakda bolşy ýaly milli tehnologiýa başlangyçlary bilen hem uly ösüş edendigini nygtan Erdogan, ýerli elektrik togy bilen işleýän awtoulag “Togg”, uçarmansyz harby uçar “Gyzylalma”, uçarmansyz howa ulagy “Anka”, hüjüm dik uçary “Atak”, umumy maksatlar üçin niýetlenen dik uçar “Gökbeý” we milli söweşjeň uçary oňa mysal hökmünde getirdi.

Her bir pudakda bolşy digitallaşmada-da öňbaşçy pozisiýa eýeleýändiklerini nygtan Erdogan, Türkiýäniň ýakyn gelejekde kosmos maksatnamasy bilen, ýerli meýelnamalar arkaly global üstünlikleri bilen, ýokary tehnologiýaly ençeme önümleri bilen özüni tanatjakdygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan tehnologiýada esasan daşary ýurtlara garaşly bolan Türkiýäni ähli ugurda ýokary derejä göterendiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar