Mewlüt Çawuşogly BAE-li kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ministrler Ysraýylyň resmilerine sebitdäki durnuksyzlygyň azaldylmagy üçin öz üstlerine jogapkärçilik almaklary barada çagyryş berdiler

1927738
Mewlüt Çawuşogly BAE-li kärdeşi  bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Daşary işler ministri Abdullah bin Zaýed Al Nahaýan bilen Owganystandaky soňky hadysalary we Aksa metjidine garşy edilen aksiýalar bilen bagly düýn telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Çawuşogly bilen Bin Zaýed Owganystanda häkimiýetiň başynda bolan Talibanyň zenanlaryň bilime elýeterliligine garşy gadagançylygy bilen milli we halkara raýat jemgyýetçilik we ynsanperwer guramalaryndan çykarylmagy bilen bagly umumy aladalary belläp geçdiler. 

Türkiyäniň ady agzalan kararyň yzyna çekilmegi baradaky tamalaryny belläp geçen Mewlüt Çawuşogly, bu babatda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy başda bolmak bilen umumy tagallalaryň ähmiýetini nygtap geçdi. 

Bin Zaýed bolsa Talibanyň şol kararynyň we gyz çagalarynyň umumy bilime elýeterliligi bilen bagly ozalky gadagançylyklarynyň, adam hukuklarynyň esasy düzgünlerini bozýandygyny habar berdi. 

Telefon söhbetdeşliginde ministrler mundan başgada Ysraýylyň aşa sagjy Milli Howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gwiriň düýn Aksa metjidine garşy eden hereketlerini ýazgarýandyklaryny mälim etdiler. 

Kärdeşler Iýerusalimdäki dini ýerleriň statusynyň we mukaddeslikelriniň goralmagy üçin munyň ýaly kabul edilmesiz aksiýalara garşy tagallalaryň artdyrylmagynyň gerekdigine ünsleri çekip, Aksa metjidiniň dolulygyna gorag astyna alynmagy bilen ol ýerde uly we öjükdiriji düzgün bozmalaryň bes edilmeginiň gerekdigini beýan etdiler. 

Ministrler Ysraýylyň resmilerine sebitdäki durnuksyzlygyň azaldylmagy üçin öz üstlerine jogapkärçilik almaklary barada çagyryş berdiler. 



Degişli Habarlar