Çernogoriýanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar

Çernogoriýanyň Prezidenti Milo Dukanowiç, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çaklygyna laýyklykda ertir Türkiyä iş saparyny gurar

1925410
Çernogoriýanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Stambulda geçiriljek duşuşykda Türkiye we Çernogoriýa arasyndaky gatnaşyklar ählitaraplaýyn gözden geçiriler, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin ediljek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Geçiriljek duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde Balkan sebiti başda bolmak bilen sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylmagy göz öňünde tutulýar. 



Degişli Habarlar