Süleýman Soýlu: "Wanda PKK-a agza 5 terrorçy tussag edildi" diýdi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçynyň ok-däri we partlaýjy maddalar bilen birlikde Wanda tussag edilendigini habar berdi

1924867
Süleýman Soýlu: "Wanda PKK-a agza 5 terrorçy tussag edildi" diýdi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, paýtagt Ankara şäherinde beren beýanatynda, şu gün irden Wanda terror operasiýasynyň geçirilendigini belläp: "Eýýäm ençeme wagt bäri Wanda gözegçilik astynda saklanan gurluş, aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görüpdirler. Buýrugy Eýrandan aldylar" diýip mälim etdi. 

Terror guramasy PKK-nyň şäher gurluşydygy kesgitlenen 5 adamlyk toparyň hüjüm guramak üçin taýarlyk görendiklerini aýdan Süleýman Soýlu: "Hem aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görüpdiler hem-de aksiýany bilelikde amala aşyrmak üçin bir ýere jemlenen 5 adamdan ybarat topar, ok-däri we taýar ýagdaýa getirilen partlaýjy maddalar bilen bilelikde ele salyndylar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar