Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi

Wise-prezident Fuat Oktaý sosial media hasabyndan beýannama berdi

1921996
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi

Wise-prezident Fuat Oktaý, Kiprde grek terror guramasy EOKA tarapyndan 1963-nji ýylyň 21-nji dekabrynda başladylan "Ganly Roždestwo" ady bilen ýatlanylýan gyrgynçylyk hadysalarynda şehit bolan kipr türklerini hatyralap geçdi.

Wise-prezident Fuat Oktaý sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Kiprde grek terror guramasy EOKA tarapyndan kipr türklerine garşy amala aşyrylan wagşyçylykly Ganly Roždestwo gyrgynçylygyna 59 ýyl geçdi. Ýüreklerimizi gam-gussa bogan 364 kowumdaşymyzy uly hormat bilen hatyralap geçýärin. Ýatan ýerleri ýagty bolsun" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #şehit , #Kipr , #Fuat Oktaý

Degişli Habarlar