Gyzyl býulleten bilen gözlenýän terrorçy saklandy

Gyzyl býulleten bilen gözlenýän terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçy, bikanun ýollar bilen Türkiyä girmäge synanyşan mahaly saklandy

1920738
Gyzyl býulleten bilen gözlenýän terrorçy saklandy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanata görä, gyzyl býulleten bilen gözlenýän terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçynyň, Siriýa serhedinden bikanun ýollar bilen Türkiyä girmäge synanyşjakdygy barada maglumat alyndy. 

Serhet zolagynda gözegçilik astyna alynan terrorçy, Gury ýer güýçler serkerdeligine degişli Serhet goragçylary we Žandarma güýçleri tarapyndan bilelikde geçirilen operasiýanyň netijesinde saklandy. 

Geçirilen derňew işleriniň netijesinde saklanan terrorçynyň Halkara Polisiýa gullugy Interpol tarapyndan gyzyl býulleten bilen gözlenýändigi anyklandy. 



Degişli Habarlar