Ýewropanyň Iň Uly Gaz Ammary Açylýar

Türkiýe energiýa üpjünçiligi boýunça ägirt uly taslamany iş ýüzüne geçirýär.

1919465
Ýewropanyň Iň Uly Gaz Ammary Açylýar
silivri dogal gaz depolama.jpg

Stambulyň Siliwri etrabynda ýerleşýän Ýewropanyň esasy gaz ammarlaýyş desgasynda taýýarlyklar üznüksiz dowam edýär.

3,2 milliard m3 ammarlaýyş we günde 28 million m3 tebigy gaz önümçilik ukybyna eý ebolan Siliwri Tebigy gaz ammarlaýyş desgasynyň ukyby ýokarlandyryldy.

Şol çäkde 18 guýuda giňeldiş işleri geçirildi. Deňiziň üstünde 2 platforma guruldy.

İkinji fazasy ulanmaga beriljek  desganyň ukyby 4,6 milliard m3-e ýetirildi.

Ägirt desga şeýlelikde Türkiýäniň ýyllyk tebigy gaz isleginiň 8 göterime barabaryny üpjün eder.

Desga üçin gerek bolan elektrik togy 4,2 megawat sagatly ýel turbinasy bilen öndüriler.

Ukyby giňeldilen ägirt desga ertir Prezident R.T.Erdogan tarapyndan açylar.

 


Etiketkalar: #açmak , #Erdogan , #ammar , #tebigy gaz

Degişli Habarlar