Çanakgala welaýatynyň suw giňişliginde Gresiýa tarapyndan itilen bosgunlar halas edildi

Grekler zulumy türk balykçylar tarapyndan wideo alyndy

1919339
Çanakgala welaýatynyň suw giňişliginde Gresiýa tarapyndan itilen bosgunlar halas edildi

Türkiyäniň Çanakgala welaýatynyň Aýwajyk etrabynyň suw giňişliginiň çäklerinde Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilip, ölüme terk edilen 66 bosgun Türk Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan halas edildi. 

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy, Aýwajyk etrabynyň suw giňişliginiň çäklerinde bosgunlaryň bardygy barada alan maglumatlarynyň esasyna işe girişdiler. 

Sebite baran Türk Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli gaýyklar tarapyndan, Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilip, ölüme terk edilen bosgunlar halas edildi. 

Küçükkuýu etrapçasyndaky Türk Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli merkeze getirilen bosgunlar, deslapky işlerden soň Aýwajyk etrabyndaky Daşary ýurtlylary yzyna ugratmak merkezine gönükdirildi. 

Grekler zulumy türk balykçylar tarapyndan wideo alyndy. 


Etiketkalar: #bosgun , #Türkiye , #Gresiýa

Degişli Habarlar