Energetika ministri Şyrnakda tapylan nebit gorlary barada beýannama berdi

Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Şyrnak welaýatynda tapylan nebit gorlarynyň soňky wagtlarda gury ýerde tapylan iň uly gorlaryň biri bolup biljekdigini mälim etdi

1915864
Energetika ministri Şyrnakda tapylan nebit gorlary barada beýannama berdi

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, hususy telewideniýe kanallaryň birinde Şyrnak welaýatynda tapylan nebit gorlary bilen bagly beýannama berdi. 

Sebitde takmynan 1 ýyl bäri seýsmiki derňewleriň ýaýbaňlandyrylandygyny aýdan Fatih Dönmez, ozal howpsuzlyk sebäpli nebit gözlegleriniň amala aşyrylyp bilinmändigini belläp: "Esgerlerimiziň ol ýerlerde terrordan saplanan sebitlerde seýsmiki derňewler geçirdik we buraw işlerini amala aşyrdyk" diýip habar berdi. 

"Şyrnak welaýatynda Gabar Dagy we onuň töwereginde 4 aýry guýyda gündelik 1200-1300 barrel töweregi nebit önümçiligmiz bar" diýip aýdan Fatih Dönmez: "Ol ýerdäki guýylaryň sanyny 10-a we ondan hem artdyrmagy maksat edinýäris" diýip aýan etdi. 

Gabar Dagynyň başga bir ýerinde bolsa geçirilýän seýsmiki işleriň tamamlanyp barýandygyny aýdan Fatih Dönmez: "Ol ýerde soňky wagtlarda gury ýerde tapylan iň uly nebit gorlarynyň biri bolup biler. Edýän işlerimiz tamamalanan mahaly ony hem aýan ederis" diýip beýan etdi. 

Ministr Fatih Dönmez ätiýaç bilen bagly işleriň hem tamamlanmagyndan soň, şu ýylyň ahyrynda ýa-da öňümizdäki ýylyň başynda beýanatlaryň berilip bilinjekdigini habar berdi. 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Şyrnak welaýatyndaky nebit gözleg işlerini dowam etdirjekdiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar