Yragyň demirgazygynda bir harby şehit boldy

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde 1 esger şehit boldy

1915026
Yragyň demirgazygynda bir harby şehit boldy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Penje-Gulp operasiýasy sebitinde düýn ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ozaldan ýerleşdirilen elde ýasalan partlaýjy maddanyň partlamagy netijesinde komandos toparyndan maýor Mehmet Dumanyň şehit bolandygy habar berildi. 

Beýanatda: "Biziň çuňňur gynandyran we gam-gussa bogan bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiyäniň Ýaragly güýçleri bilen beýik milletimize gynanç we sabyr dileýäris" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar