Prezident Erdogan ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Erdogan ýaşlaryň biliminiň, üpjünçilikleriniň we özlerine bolan ynamynyň Türkiye Asyrynyň iň uly kepilligidigini beýan etdi

1914512
Prezident Erdogan ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Şanlyurfa welaýatynyň Haliliýe etrabynda geçirilen "Ýaşlaryň duşuşygy" atly çärä gatnaşdy. 

Çäräniň açylyşynda söz sözlän Prezident Erdogan, giden ähli şäherlerinde diýen ýaly ýaşlar bilen duşuşmaga aýratyn ähmiýet berýändiklerini habar berdi. 

"Geljegimizi amanat etjek ýaşlarymyzyň, dünýä, ýurdumyza, bize, öz durmuşlaryna garaýyşlaryndaky çuňňur akyl ýetirmäni görmekden örän hoşal bolýaryn" diýip aýdan Prezident Erdogan, Türkiye Respublikasynyň täze asyryny "Türkiye Asyry" maksatnamasy bilen garşylamaga taýarlanýan mahallary, esasan hem ýaşlaryň güýç-kuwwatyna öndürijiligine we tagallalaryna ynanýandyklaryny aýtdy.

"Biz dünýä däl, dünýä Türkiyä ser salsyn" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Ýaşlarymyzyň bilimi, üpjünçilikleri we özlerine bolan ynamy Türkiye Asyrynyň iň uly kepilligidir" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar