Prezident Erdogan Maýa bazarlary kongresine wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Erdogan daşary ýurtly maýadarlaryň artýan gyzyklanmasynyň, Türkiyäniň ykdysadyýetine we diplomatiýasyna bildirilýän ynamyň ýüze çykmasydygyny beýan etdi

1913512
Prezident Erdogan Maýa bazarlary kongresine wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Stambulda geçirilen VI Maýa bazarlary kongresine wideo ýüzlenme ugratdy. 

Dünýäde başdan geçirilen ykdysady krizisleri ýatladan Prezident Erdogan, Türkiýäniň ynamdar menzildigini we daşary ýurtly maýadarlaryň ýurda bildirýän gyzyklanmasynyň artýandygyny habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Ýurdumyz soňky ýyllaryň barha beýgelýän ýyldyzlarynyň biri boldy. 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşiniň ilkinji günlerinden başlap, üstünlik bilen dowam etdirýän deňagramly we ylalaşdyryjy syýasatlar, Türkiýäniň oýun düzýän roluny has hem berkitdi. Daşary ýurtly maýadarlaryň maýa bazarlarymyz bilen birlikde artýan gyzyklanmasy, Türkiyäniň ykdysadyýetine we diplomatiýasyna bildirilýän ynamyň ýüze çykmasydyr" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan: "Türkiye 21-nji asyrda täsir galdyrjak görüşi bilen ähli ugurlar boýunça ýazýan üstünlik hekaýalaryna täzelerini goşmaga dowam eder" diýip habar berdi. 

Maýa bazarlarynyň Türkiyäniň ykdysadyýetindäki şol dinamizminden oňyn täsir alyp, ösüş ýolagçylygyny dowam etdirjekdigine ynanýandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Türkiyä ynanan, ýurdumyza maýa goýan, Türkiyäniň ykdysadyýetiniň aýdyň geljegine ynanan ähli maýadarlara hem gapymyzyň hem-de ýüregimiziň açykdygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar