“Penje Gulp” Operasiýasy Zolagynda 1 Esger Şehit Boldy

"Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda ýaralanan egindeşimiz esger Nedim Korkmaz halas edilip bilinmedi we şehit boldy"

1913133
“Penje Gulp” Operasiýasy Zolagynda 1 Esger Şehit Boldy

Yragyň demirgazygynda Türk ýaragly güýçleri tarapyndan alnyp barylýan “Penje gulp” operasiýasy zolagynda, ekstremist terror guramasy bilen bolan çaknyşykda 1 esger şehit boldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda 2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda ýaralanan egindeşimiz esger Nedim Korkmaz halas edilip bilinmedi we şehit boldy” diýildi.

Beýannamada çaknyşykda 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar