Milli Goranmak Ministri Akar, Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar we sebitleýin goranyş we howpsyzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy.

1913237
Milli Goranmak Ministri Akar, Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar we sebitleýin goranyş we howpsyzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen ABŞ-nyň iki ýakyn hyzmatdaşdygyny nygtan Akar, terrora garşy göreş operasiýalarynyň BMG-nyň şertnamasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda guralýandygyny gürrüň berdi.

Terrora garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň we arkalaşygyň halkara we sebitleýin parahatçylyga we howpsyzlyga goşant goşjakdygyny aýdan Milli Goranmak ministri, şol çäkde Türkiýäniň DAEŞ bilen birlikde beýleki terror guramalaryna garşy hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny belledi.

Ministr Akar, “Terrora garşy göreş operasiýalarynyň ýeke-täk maksady bar ol hem terrorçylar”diýdi.



Degişli Habarlar