Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi

Çawuşogly Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa Türkiye-Azerbaýjan-Türkmenistan Üçtaraplaýyn sammitiň taýarlyklaryny ele aldy

1912929
Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
cavusoglu bukres'te estonya urmas reinsalu.jpg
hollanda wopke hoekstra-cavusoglu.jpg

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen giden Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde Estoniýanyň Daşary işler ministri Urmas Reýnsalu we Portugaliýanyň Daşary işler ministri Žoao Gomes Krawino bilen duşuşyk geçirdi. 

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Estoniýanyň Daşary işler ministri Urmas Reýnsalu bilen NATO-nyň giňelmegi we Ukrainadaky söweş bilen baglanşykly meseleleri maslahatlaşandygyny habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly Portugaliýanyň Daşary işler ministri Žoao Gomes Krawino bilen geçiren duşuşygynda bolsa ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşandygyny mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly iňlis kärdeşi bilen geçiren duşuşygy bilen baglanşykly: "Ukrainada başdan geçirilen soňky hadysalar bilen ykdysady we howpsuzlyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygymyzy maslahatlaşdyk" diýip beýan etdi. 

Mewlüt Çawuşoglynyň gollandiýaly kärdeşi Hoekstra bilen geçiren duşuşygynda hem Ukrainanyň ýagdaýyny we NATO-nyň giňelmegini ele aldy. 

Beýleki tarapdan bolsa Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýannama görä, Mewlüt Çawuşogly Abdullahiýan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde öňümizdäki döwürde amala aşyryljak ikitaraplaýyn saparlaryň taýarlyklaryny maslahatlaşdy. 

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa Türkiye-Azerbaýjan-Türkmenistan Üçtaraplaýyn sammitiň taýarlyklaryny ele aldy. 



Degişli Habarlar