Erdogan Türkiyäniň Telekeçiler duşuşygy we Telekeçilik baýrak gowşurylyş dabarasyna ýüzlenme ugratdy

Prezident Erdogan beýik we güýçli Türkiyäni gurýançalar çenli arman-ýadaman göreşlerini tutanýerlilik bilen dowam etdirjekdiklerini beýan etdi

1911088
Erdogan Türkiyäniň Telekeçiler duşuşygy we Telekeçilik baýrak gowşurylyş dabarasyna ýüzlenme ugratdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Telekeçi işewür adamlar gaznasy bilen Türkiyäniň Ýaşlar gaznasy tarapyndan geçirilen "Türkiyäniň Telekeçiler duşuşygy we 9-njy Telekeçilik baýrak gowşurylyş dabarasyna" wideo ýüzlenme ugratdy.

Prezident Erdogan wideo ýüzlenmesinde adamzat hökmünde koronawirus epidemiýasy bilen başlan, ondan soň Russiýa-Ukraina dartgynlygy bilen has hem çuňlaşan tankydy  döwürden geçýändiklerini habar berdi. 

Erdogan ösen ýurtlar bilen birlikde ençeme ykdysadyýetiň inflýasiýadan resessiýa, iş orun ýitgilerinden energetika we azyk krizisine çenli, ozal başdan geçirmedikleri tankydy hadysalar bilen ýüz-ýüze gelendiklerini ýatladyp: "Epidemiýa tapgyryny üstünlik bilen dolandyran Türkiye, epidemiýadan soň ýüze çykan şol tankydy hadysalaryň hötdesinden gelýär. Maýa goýum, iş orunlary, önümçilik, eksport we häzirki profisit ýoly bilen ösüşi esas alýan ykdysady nusgamyzyň oňyn täsirlerine ähli ugurlar boýunça şaýat bolýarys. Kowid-19 epidemiýasynyň dünýä ykdysadyýetlerine çuňňur täsir ýetiren bir gurşawda G-20-niň içinde iň çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň başynda gelýäris. Geçen ýyl ösüş görkezijilerimiz 11 göterim we şu ýylyň ilkinji ýarymynda 7,5 göterim derejesinde boldy. Täze iş orunlaryna gatnaşyk görkezijilerimiz artmak bilen birlikde, iş üpjünçiliginde 31 million çägi geçdik" diýip habar berdi. 

Türkiyäniň eksportda her aý täze bir rekord goýup bellenen maksatlara ynamly ädimler bilen barýandyklaryna ünsleri çeken Prezident Erdogan: "Mundan başgada maýa goýum göçümlerimizi arakesmesiz ýagdaýda dowam etdirmäge uly ähmiýet berýäris. Ýerli elektrik tokda işleýän awtoulagymyz TOGG-yň fabrigini 29-njy oktýabrda, milletimiziň 60 ýyllyk ýene-de bir arzuw-hyýalyny durmuşa geçirdik. Sişenbe güni ýurdumyzyň iň uly suw howdany bolan Ýusufeli suw howdanynyň we gidroelektrik desgasynyň açylyşyny milletimiz bolup ýerine ýeirdik. Türkiyäniň Asyry maksatnamamyzy anyk taslamalar bilen ýeke-ýeke durmuşa geçirip, ýolumyzy dowam etdirýäris. Nesip bolsa beýik we güýçli Türkiyäni gurýançak çenli arman-ýadaman göreşimizi tutanýerlilik bilen dowam etdireris. Ne terroryň ne-de terror guramalarynyň ýüplerini ellerinde saklaýan imperialist töwerekleriň bizi ýolumyzdan çetleşdirmäge rugsat bermeris. Siz ýaş telekeçilerimiziň hem goldawy we goşantlary bilen 21-nji asyry Türkiyäniň Asyry etjekdigimize tüýs ýürekden ynanýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar