MGM: "TÝG hüjümlere artykmajy bilen garşylyk görkezýär" diýdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi: "Türkiyäniň Ýaragly güýçleri hüjümlere artykmajy bilen garşylyk görkezýär" diýip nygtady

1908856
MGM: "TÝG hüjümlere artykmajy bilen garşylyk görkezýär" diýdi

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň serhet liniýasyndaky ýerlere garşy guran hüjümleri bilen baglanşykly: "Türkiyäniň Ýaragly güýçleri hüjümlere artykmajy bilen garşylyk görkezýär" diýip habar berdi. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, terror guramasynyň çaga, garry, okuwçy, mugallym diýmän asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýändigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Mekdepleri hem nyşana alyp haýynlygyny görkezýän terrorçy haýynlardan edýänleriniň hasabyny soradyk, mundan soň hem soramaga dowam ederis. Türkiyäniň Ýaragly güýçleri hüjümlere artykmajy bilen garşylyk görkezýär" diýip aýan edildi. 



Degişli Habarlar