Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1907389
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
harekat operasyon.jpg
teror silah muhimmat patlayici bomba.jpg

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Terrorçylar üçin Yragyňam, Siriýanyňam demirgazygy howpsuz däl. Yragyň demirgazygynda üstünlikli ýagdaýda dowam etdirilýän Penje-Gulp operasiýasy sebitinde PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrory gözbaşynda ýok etmekde erjeldiris, tutanýerlidiris" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan terror guramasy PKK-ny ýurduň gün tertibinden çykarmak, gyş möwsümindäki ýerlerini anyklamak, geçen ýyllarda ulanan gowaklaryny, gaçybatalgalaryny anyklap, ýok etmek we ekstremist terror guramasyna agza terrorçylaryň serhetden geçmeklerine böwet bolmak maksady bilen Şyrnak welaýatynda "Eren Gabaw güýz-gyş-14" atly operasiýa başladyldy. 

Operasiýanyň çäginde geçirilen gözleg we saplaýyş işleriniň çäginde 6 gowak we 6 gaçybatalga anyklandy. Gowaklarda we gaçybatalgalarda ýarag, ok-däri, partlaýjy madda, granat, azyk, enjamlar we lukmançylyk enjamlary ele salyndy. 



Degişli Habarlar