Tunjelide "Eren Gabaw güýz-gyş-13" atly operasiýa başladyldy
Türkiyäniň Tunjeli welaýatynda "Eren Gabaw güýz-gyş-13" atly operasiýa başladyldy
Türkiyäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýurduň gün tertibinden çykarmak we sebitde bardygy anyklanan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Tunjeli welaýatynda "Eren Gabaw güýz-gyş-13 Şehit Žandarma uly seržant starşina Jelil Mutlu" atly operasiýa başladyldy.
881 harby gullukçynyň gatnaşmagynda geçirilýän operasiýada Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynyň obalyk ýerlerinde 23 tapawutly nokatda anyklanan 2 gowakda we 5 gaçybatalgada terror guramasy PKK-nyň hassahana bölümi ele salyndy.
Içinde ok-däri, gurama degişli köp sanda resminama, gündelik ýaşaýyş üçin gerek bolan zatlaryň ele salynan ammarlar, gaçybatalgalar we gowaklar içindäki zatlar bilen bilelikde ýok edilip, ulanyp bolmajak ýagdaýa getirildi.