Stambulda guralan bombaly hüjümde 6 adam ýogaldy

Stambul şäheriniň Beýogly etrabyndaky Taksim meýdançasynyň golaýyndaky Istiklal köçesinde guralan bombaly hüjümde 6 adam ýogaldy, 81 adam ýaralandy

1905894
Stambulda guralan bombaly hüjümde 6 adam ýogaldy

Wakanyň bolan ýerinde geçirilen derňew işlerinden soň beýannama beren Wise-prezident Fuat Oktaý, partlamada 6 adamyň ýogalandygyny, 2-siniň saglyk ýagdaýy agyr 81 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Bombaly partlamanyň bolan ýerinde düýn gije gözegçilik işlerini geçiren Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, tapylan deliller boýunça hüjümi guran adamyň ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-e agzadygyny belläp: "Bombany goýan adam Stambulyň Içeri işler müdürligine degişli toparlar tarapyndan göz tussaglygyna alyndy. Ondan ozal bolsa takmynan 21 adam göz tussaglygyna alynypdy" diýip mälim etdi.

Stambulyň welaýat häkimi Ali Ýerlikaýa wakada ýaralanan 50 adamyň bejergileri tamamlanyp öýlerine ugradylandygyny, ýaraly 31 adamyň bolsa bejergileriniň dowam edýändigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar