Energetika we Tebigy Serişdeleriniň Ministri Fatih Dönmez Alžirde Saparda Bolýar

Fatih Dönmez, Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam edýändigini nygtady.

1904955
Energetika we Tebigy Serişdeleriniň Ministri Fatih Dönmez Alžirde Saparda Bolýar

Energetika we tebigy serişdeleriniň ministri Fatih Dönmez, Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam edýändigini nygtady.

Alžirde saparda bolýan Energetika we tebigy serişdeleriniň ministri Fatih Dönmez saparynyň çäginde Prezident Abdulmejid Tebbun tarapyndan Alžirdäki Muradiýe köşgünde kabul edildi.

Ministr Dönmez soň bolsa Alžiriň Energetika we magdanlar ministri Muhammed Arkab bilen duşuşdy.

Özara duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Dönmez, Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny belledi.

Ministr Dönmez “Iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady we tehnalogiýa taýdan edilýän gatnaşyklar gün saýyn pugtalanýar. Alžiriň Prezidenti Jenap Tebbun we Prezidentimiz R. T. Erdogan özara gatnaşyklaryň pugtalanmagy üçin uly tagalla edýär. 5 milliard dollara barabar bolan özara söwda mukdaryny 10 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar