Amanoslar sebitinde Eren Gabaw güýz-gyş-8 operasiýasy başladyldy

Operasiýada häzirki wagta çenli sebitde anyklanan 11 aýry nokatda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylara degişli gaçybatalgalar, gowaklar we ammarlar ýok edildi

1902387
Amanoslar sebitinde Eren Gabaw güýz-gyş-8 operasiýasy başladyldy

Amnoslar sebitinde (Hataý, Adana, Gaziantep, Osmaniýe, Kilis welaýatlarynda) 1216 harby gullukçynyň gatnaşmagynda "Eren Gabaw güýz-gyş-8 şehit Žandarma Starşina Uly-seržant Ferhat Gedik" atly operasiýa başladyldy. 

Türkiyäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan ekstremist terror guramasy PKK-ny ýurduň gün tertibinden çykarmak, gyşky gaçybatalgalaryny anyklamak, geçmiş ýyllarda ulanan gowaklaryny, gaçybatalgalaryny ýok etmek we ekstremist terror guramasyna agza terrorçylaryň serhetden geçmeklerini öňüni almak maksady bilen Eren Gabaw güýz-gyş-8 operasiýasy başladyldy. 

Operasiýada häzirki wagta çenli sebitde anyklanan 11 aýry nokatda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylara degişli gaçybatalgalar, gowaklar we ammarlar ýok edildi. 



Degişli Habarlar