Prezident Erdogan Klublar Bileleşiginiň başlygy Ali Koçy we ýanyndaky wekiliýeti kabul etdi
Prezident Erdogan: "Respublikamyzyň 100-nji ýylyna milletimiziň arasynda spordyň iň meşhur görnüşi bolan futbol boýunça iň güýçli ýagdaýda girmegi maksat edinýäris" diýip nygtady
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Respublikanyň 100-nji ýyly bilen bagly çäreleriň çäginde, Prezident kompleksiniň Sergiler zalyndaky "Atyş we gol: Türk futbol taryhy sergisi" atly serginiň açylyşy mynasybetli Klublar Bileleşiginiň başlygy Ali Koçy we ýanyndaky wekiliýeti kabul etdi.
Türk futbolynyň hak eden ýerine gelmegi üçin 20 ýyl bäri ähli mümkinçiliklerini ulanýandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Aglabasy möhleti geçen stadionlary ýumuryp, ýerlerine halkara standartlara gabat gelýän uly göwrümli täze desgalary gurduk. Türkiyede 36 stadionyň gurluşygy tamamlandy, 6-synyň gurluşygy dowam edýär, 4-si bolsa taslama we tender tapgyrynda. Nesip bolsa olary hem wagtynda tamamlap, türgenlerimiziň we sport muşdaklarynyň hyzmatyna bermegi maksat edýäris" diýip belledi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.