Prezident Erdogan Braziliýanyň Prezidentini Täze Wezipesi Bilen Gutlady

Prezident Erdogan, Braziliýada geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanan Lula da Silwa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1900155
Prezident Erdogan Braziliýanyň Prezidentini Täze Wezipesi Bilen Gutlady

Prezident R. T. Erdogan, Braziliýada geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanan Lula da Silwa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Braziliýanyň Prezidentligine saýlanan Lula da Silwany gutlady we 1-nji ýanwarda başlajak täze wezipesinde rowaçlyk arzuw etdi.

2010-njy ýylda strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterlen özara gatnaşyklaryň täze döwürde hem pajarlap ösjekdigine ynanýandygyny nygtan Prezident Erdogan, Türkiýe we Braziliýa ýaly G-20-a agza iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diýseň möhümdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar