Mewlüt Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1900257
Mewlüt Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Çawuşogly we Lawrowyň telefon söhbetdeşliginde galla koridory, Kawkazda başdan geçirilen soňky hadysalar we 3+3 sebitleýin hyzmatdaşlyk platformasy (Türkiye, Azerbaýjan, Ermenistan, Russiýa, Gruziýa, Eýran) maslahaty babatynda pikir alyşyldy. 

Mewlüt Çawuşogly mundan başgada eýranly we panamaly kärdeşleri bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Eýranyň Daşary işler ministri Emir Abdullahiýan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler maslahatlaşyldy. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Panamanyň Daşary işler ministri Janaine Tewanaý Mankomo bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa panamaly kärdeşini wezipä täze bellenmegi bilen gutlady. 



Degişli Habarlar