Prezident Erdogan 29-njy oktýabr Respublika Baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 29-njy oktýabr Respublika Baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

1899253
Prezident Erdogan 29-njy oktýabr Respublika Baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Türkiyäniň 81 welaýatyndaky her bir adamy we dünýäniň dört künjegindäki millionlarça raýaty 29-njy oktýabr Respublika Baýramy bilen gutlan Prezident Erdogan, daşary ýurtlardaky wekilhanalarda geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşýan ähli adamlara minnetdarlyk bildirdi. 

Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal bilen Milli Azat edijilik söweşini ýeňiş bilen netijelendiren gahryman gerçekleri uly hormat bilen ýatlap geçen Prezident Erdogan, mundan 99 ýyl ozal agyr ýitgiler çekip, örän kyn şertlerde Türkiýe Respublikasyny döwrebap medeniýetler derejesiniň hem ýokarysyna çykarmak üçin arakesmesiz göreşiň alynyp barylandygyny belläp: "Ýurdumyzda durmuşa geçiren eserlerimiz we hyzmatlar infrastrukturasynyň üstüne Türkiye Asyryny gurmakda tutanýerlidiris. Türkiyäni demokratiýasyny nusga alynan, ykdysadyýeti özgeren, diplomatiýasy uly gyzyklanma bilen yzyndan eýerilýän, doganlyk gatnaşyklaryny güýçli ýagdaýda goraýan ýurt derejesine ýetirdik. Global näbellilikleriň artan döwründe parahatçylygy, durnuklylygy we adalaty ýola goýmak üçin edýän tagallalarymyz, ähli gatlaklar tarapyndan takdyr edilip, kabul edilýär. Siriýadaky ynsanperwer tragediýanyň tamamlanmagyndan başlap, Russiýa-Ukraina krizisiniň çözüwe gowuşmagyna çenli başlangyçlarymyz we ynsanperwer daşary syýasatymyz bilen töweregimizde parahatçylyk we abadançylyk gurşawyny emele getirmek üçin tagalla edýäris" diýip belledi. 

Prezident Erdogan milli girdejisine görä dünýäde iň köp ynsanperwer kömek berýän ýurt hökmünde nirede ezilen, ejir çekýän we mätäç bolan adam bar bolsa gelip çykyşyna, ynanjyna, tapawutlylyklaryna üns bermeden dadyna ýetişýändiklerini beýan etdi. 

29-njy oktýabr Respublika Baýramyny gutlap, millete saglyk, asudalyk we abadançylyk dilän Prezident Erdogan: "Şehitlerimiziň ýatan ýerleri ýagty bolsun. Respublikamyzyň 99-njy ýyly gutly bolsun" diýip belledi. 



Degişli Habarlar