Dünýä liderleri Respublika Baýramy mynasybetli Prezident Erdogana gutlag hatlaryny ugradýarlar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Prezident Rejep Taýýip Erdogana 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli gutlag hatyny ugratdy

1899300
Dünýä liderleri Respublika Baýramy mynasybetli Prezident Erdogana gutlag hatlaryny ugradýarlar

Dostlugyň we doganlygyň esasynda durulan Azerbaýjan-Türkiye gatnaşyklarynyň şu günki gün dünýäde deňi-taýynyň bolmandygyny we iki ýurduň arasyndaky jebisligiň we agzybirligiň sebit we dünýä üçin bir howpsuzlyk we durnuklylyk elementidigini aýdan Ilham Aliýew: "Taryhyň iň möhüm pursatlarynda Azerbaýjanyň ýanynda bolan Türkiyäniň II Garabag söweşinde ýanymyzda bolandygyny, siz bilen birlikde ähli halkyňyzyň ilkinji minutlardan başlap soňky pursada çenli bize goldaw berendigiňizi hemişe takdyr edýäris we hiç wagt ýatdan çykarmarys. Bir millet iki döwlet şygary bilen ýola çykan ýurtlarymyzyň arasyndaky ýaranlyk umumy tagallalarymyzyň üstünlik bilen özgermäge dowam etjekdigine ynanýaryn. Bular ýaly möhüm bir günde, size jan-saglyk, bagtyýarlyk, döwlet bähbitli işleriňizde üstünlik, doganlyk Türkiyäniň halkyna parahatçylyk, asudalyk we abadançylyk dileýärin" diýip belledi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý hem 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli türk dilinde gutlag ýüzlenmesini berdi. 

Zelenskiý Türkiye Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 99-njy ýyly mynasybetli Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Türkiye Respublikasynyň yglan edilmeginiň 99-njy ýyly mynasybetli Türkiyäni we Prezident Rejep Taýýip Erdogany gutlaýaryn. Dostlukly türk halkyna parahatçylyk, abadançylyk we bagtyýarlyk dileýärin. Umumy tagallalarymyz bilen Gara deňiz sebitinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň yzyna gaýdyp geljekdigine ynanýaryn" diýip nygtady. 

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew hem 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli Prezident Erdogana gutlag hatyny ugratdy. 

Tokaýew gutlag hatynda Prezident Erdogany we Türkiyäniň halkyny gutlap: "Şübhesiz bu sene ýurduňyzyň taryhynda möhüm bir ýere eýe" diýip belledi. 



Degişli Habarlar