Erdogan: Şu Gün Türkiýede Täze Bir Şäherçilik Başlangyjyny Başlatdyk

Prezident R.T.Erdogan şu gün Türkiýede şäherleriň ählisinde täze şäherçilik başlangyjynyň başyny başladandyklaryny aýtdy.

1897542
Erdogan: Şu Gün Türkiýede Täze Bir Şäherçilik Başlangyjyny Başlatdyk

Respublika taryhynyň iň uly göwrümli jemgyýetçilik bina taslamasy “Ilkinji öýüm, ilkinji iş ýerim” maksatnamasynyň çäginde 17 welaýatda 5,615 sosial binanyň gurluşygyna Prezident Erdoganyň gatnaşmagyndaky dabara bilen badalga berildi.

Paýtagt Ankaranyň Sinjan etrabyndaky dabarada çykyş eden Prezident Erdogan, sosial bina taslamasy hakynda; “Başladan soňky kampaniýamyz bilen Köpçülikleýin ýaşaýyşjaý edarasy arkaly milletimize beren ýaşaýyş jaýlarymyzyň janyny 2 milliona ýetireris” diýdi.

Erdogan taslamanyň çäginde 2 ýylyň dowamynda 250 müň jaýlyk ilkinji tapgyryň, 2028-nji ýyla çenli bolsa 500 müň ýaşaýy jaýynyň ählisini tamamlap, eýelerine gowrşuryljakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan: “Şu gün Türkiýede şäherlerimiziň, etraplarymyzyň ählisini öz içine alýan şäherçilik başlangyjynyň başyny başlatdyk” diýdi.



Degişli Habarlar