Mejlisiň Başlygy Şentop Horwatiýada Saparda Bolýar

Şentop iş saparynyň çäginde ilki Zagrep uniwersitetiniň Türk dili bölüminiň talyplary bilen duşuşdy.

1896984
Mejlisiň Başlygy Şentop Horwatiýada Saparda Bolýar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Halkara Krym platformasynyň Parlamentarlar maslahatyna gatnaşmak üçin Horwatiýa gitdi.

Şentop iş saparynyň çäginde ilki Zagrep uniwersitetiniň Türk dili bölüminiň talyplary bilen duşuşdy.

Türkiýe bilen Horwatiýanyň taryhy we medeni taýdan biri-birine has ýakyn iki dost we hyzmatdaş ýurtdygyna ünsi çeken Şentop “Sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin halkara derejesinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň möhümdigini görýäris. Käbir meseleleriň güýç arkaly çözülmäge synanşylýandygyna şaýatlyk edýäris. Ukrainadan daşary sebitde dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolýan ugurlara garamazdan Türkiýe bilen Horwatiýa, ynamdar ýurtlar hökmünde ýerleşýän sebitinde uly rol oýnaýar” diýdi.

TBMM-niň başlygy Şentop ertir öz işine başlajak Halkara Krym platformasynyň Parlamentarlar maslahatynyň çäginde Şwesiýanyň, Finlýandiýanyň we Ukrainanyň mejlisiniň başlygy bilen duşuşar.

 



Degişli Habarlar