Körkandil Dagy sebitinde 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi operasiýalar barada maglumat berdi

1895649
Körkandil Dagy sebitinde 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, Siirt we Wan welaýatlarynyň arasyndaky Körkandil Dagy sebitinde 2 terrorçynyň ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hem sosial media hasabyndan beren maglumatynda: "Terroryň köki guraýança çenli operasiýalarymyz dowam eder. Wan welaýatynyň Çatak etrabynda geçen hepde geçirilen operasiýada şehit bolan gahryman Žandarmamyz Kürşat Sertiň ary alyndy. 2 terrorçy öli ýagdaýda ele salyndy. Operasiýa dowam edýär" diýip mälim etdi. 

Şyrnak welaýatynyň Judi Dagy sebitinde geçirilýän "Eren Gabaw Güýz-Gyş-1 Şehit Žandarma Ismail Jan Akdeniz operasiýasynyň" çäginde bolsa terror guramasyna degişli köp mukdarda ok-däri we gündelik ýaşaýyş üçin zatlar ele salyndy. 



Degişli Habarlar