Erdogan Çehiýa Gitdi

Prezident R.T.Erdogan Ýewropanyň Syýasy Bileleşiginiň maslahatyna Gatnaşmak üçin Çehiýanyň paýtagty Praga gitdi.

1889206
Erdogan Çehiýa Gitdi

Prezident Erdogan ÝB-ne agza 27 ýurt bilen ÝB-ne agza däl 17 Ýewropa ýurdunyň çagyrylan maslahatynda Parahatçylyk we howpsuzlyk” temaly maslahatlara gatnaşar.

Erdogan, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň ýoldaşlyk edýän maslahatyň çäginde käbir liderler bilen özara duşuşyklar geçirer.

Ýewropanyň Syýasy Bileleşiginiň döredilmegi pikiri Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan maý aýynda öňe sürülipdi.

Maslahatyň Ýewropa materiginde syýasy geňeşme maslahaty bolmagy islenýär.

ÝB-niň dolanşygy hem pikiri goldaýar.



Degişli Habarlar