MHG Siriýanyň demirgazygynda DAIŞ-e garşy operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň Siriýanyň demirgazygynda terror guramasy DAIŞ-iň hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan düzümine garşy geçiren operasiýasynda 1-i şli ýagdaýda 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1886859
MHG Siriýanyň demirgazygynda DAIŞ-e garşy operasiýa geçirdi

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, DAIŞ-iň Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýadaky harbylary başda bolmak bilen, türk guramadyr-edaralaryna garşy aksiýa geçirmek üçin ýörite düzüm emele getirendigi anyklandy. 

Milli Howpsuzlyk gullugynyň razwedka we operatiw goldawy bilen Azat Siriýa goşunyna degişli ýerli howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Ýewfrat Galkany we Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitlerinde operasiýa geçirildi. 

Operasiýanyň netijesinde DAIŞ-e agza 1-i öli ýagdaýda 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, köp sanda partlaýjy, ýarag we ok-däri ele salyndy. 

Tussag edilen DAIŞ-e agza terrorçylar, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýadaky bazalaryna we türk edaradyr-guramalaryna garşy maglumat toplamak işlerini geçirendiklerini, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli ulaglaryň Siriýadaky gündelik işlerine gözegçilik edendiklerini, awgust we sentýabr aýlarynda Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli ulaglara garşy 4 aýry aksiýa gurandyklaryny boýun aldylar. 

 



Degişli Habarlar