Adamzadyň Müňlerçe Ýyllyk Çarwadarlar Medeniýetiniň Ýitip Gitmetmegine Ýol Bermeris

Prezident R.T.Erdogan Iznikde Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

1886536
Adamzadyň Müňlerçe Ýyllyk Çarwadarlar Medeniýetiniň Ýitip Gitmetmegine Ýol Bermeris

Çarwadardarlar oýunlarynyň ilkinjisiniň 2014-nji ýylda, 2016-njy we 2018-nji ýyllarda Gyrgyzstanyň guramagynda geçirilendigini aýdan Erdogan, koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda yza süýşürilen oýunlarynyň dördünjisiniň “her bir künjegi taryha, medeniýete we tebigy gözellige baý bolan İznikde” başlandygyny aýtdy.

Çarwadarlar medeniýetiniň adamzat taryhy ýaly gadymydygyna ünsi çeken Erdogan; “Halklar müňlerçe ýylyň dowamynda dürli sebäplerden ýaşaýan ýerlerinden aýrylyp, başga sebitlerde özlerine täze durmuş giňişliklerini gözlediler. Şeýle hem şol bir sebitde yzgiderli ýa-da pasyllara görä ýerlerini çalşyp, durmuşyny dowam etdiren halklar bar. Şol uzak çeken ýolagçylyklaryň dowamynda gabatlaşan halklar birek-biregiň täsirinde galypdyrlar. Media we aragatnaşyk serişdeleri dünýäni kiçijik oba öwüren hem bolsalar, şu günki günde henizem medeniýetiň we ynsan gatnaşyklarynyň esasy göterijisi göçlerdir” diýdi.

Adamzadyň müňlerçe ýylyna täsirini ýetiren şol medeniýetiň ýitip gitmegine ýol bermejekdiklerini beýan eden Erdogan; “Şonuň üçin hem açylyşyna gatnaşan oýunlarymyz hem-de şuňa meňzeş çäreler bilen çarwadarlar medeniýetiniň ähli taraplaýyn goralyp saklanmagynyň möhümdigini pikir edýäris. Çarwadarlar oýunlaryny dünýä derejesinde ýaýbaňlandyran bu çäreni adamzadyň gadymy mirasyny gelejek nesillere ýetirmek taýdan möhüm hasap edýärin” diýdi.

 



Degişli Habarlar